BILIM – BAGTYŇ ÇYRAGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär.
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ýanwar aýynda Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi halk arasynda uly goldaw tapdy we türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň röwşen çyragyna öwrülen kitabyň biziň ýurdumyzda aýratyn ornunyň bardygyny ýene bir gezek subut etdi.
Kitaphana işini göwnejaý ýola goýmakda Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebinde hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Mekdebiň kitaphanaçysy Tylla Annaberdiýewa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini ösdürmek üçin jan aýaman zähmet çekýär. Mekdebimizde geçirilýän okyjylar konferensiýalary, çeper okaýyş bäsleşikleri, dürli temalara bagyşlanyp guralýan kitap sergileri hem muňa şaýatlyk edýär.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli T.Annaberdiýewanyň guramagynda mekdebiň esasy girelgesinde ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti paýhasyndan kemala gelen kitaplar, şeýle-de ýurdumyzda çagalar üçin neşir edilen çeper eserler hem täze okuw kitaplary ýerleşdirilipdir. Sergä mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bilen bir hatarda baýramçylygyň myhmanlary hem uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Bu waka bilimler dünýäsiniň şamçyragy bolan kitaplaryň ynsanyň durmuşynda uly ähmiýetiniň bardygyny, ýaş nesilleriň kitap okamaga höwesini artdyrmakda wajyp ornuň kitaphanalara degişlidigini subut edýär.
Biz ösüp gelýän ýaş nesillere bilimdir terbiýe bermek üçin döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Altyntäç Rejepowa,
Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy