“Halk maslahaty Geňeşli iliň döwletli ýoly” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda uniwersitetimiziň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Halk maslahaty Geňeşli iliň döwletli ýoly” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýa guramasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halk maslahatynyň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde wajyp oruny eýeleýändigi barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti