Köneürgenç etrabynda 160 orunlyk döwrebap çagalar bakja-bagy açyldy
Şu gün Köneürgenç etrabynda täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Bu ajaýyp şäherçäniň beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toýlanýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda açylmagy örän göwün galkyndyryjydyr. Bu ýerde gözümiziň alnynda döredilen döwrebap şäherçäniň şaýady bolýarys. Onuň dürli künjeklerinde durmuş hyzmaty, bilim, medeni, ýaşaýyş jaý we beýleki maksatly binalar täze şäherçäniň binagärlik keşbine görk goşýar. Şolaryň hatarynda 160 orunlyk täze 13-nji çagalar bakja-bagynyň gurlup ulanylmaga berilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze çagalar bakja-bagynda okuw meýilnamalaryna laýyklykda dürli sapaklary döwrebap şertlerde geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn bellemelidiris. Okuw otaglary körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda özüne çekiji diwarlyklar bilen bezelip, many-mazmunly öwrediji oýunlary guramak üçin oýun burçlary döredilipdir. Häzirki zaman kompýuter we lingafon tehnikasy bilen üpjün edilen okuw otaglary bolsa körpelere daşary ýurt dillerini öwretmäge we kompýuter bilen işlemegiň başlangyç esaslaryny kemala getirmäge niýetlenilipdir. Körpeleriň döredijilik we sport başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen aýdym-saz we bedenterbiýe otaglary bolsa degişli enjamlar bilen abzallaşdyrylypdyr. Çagalar bakja-bagynyň howlusynyň oýun meýdançalarynda gurnalan dürli görnüşli oýun enjamlary körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine hem-de göwnejaý dynç almaklaryna oňaýly şertleri döreder.
Täze döwrebap çagalar bakja-bagynyň gurlup ulanylmaga berilmegi – bizi, bilim işgärlerini hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyryp, täze üstünliklere ýetmäge galkyndyrýar.
Il-günüň bähbidini ähli zatdan belentde goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuň kalbymyzdan çykýan alkyşlarymyzy beýan edýäris, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. Ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Göwher Baýarowa,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
bilim bölüminiň hünärmeni