Bilimler we talyp ýaşlar güni


1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministirliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde uly dabara baýramçylygy geçirildi. Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlandy.

Dabaraly çäräni açyp bermek üçin Söwda-kooperatiw mekdebiniň direktory Şatlyk Goçgulyýew çykyş edip Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň talyp ýaşlara ýüzlenmesini okady we Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplarmyzy gutlady.

Soňra Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy ykdysady ylymlarynyň kondidaty Gurban Rejepowa söz berildi, ol hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyp ýaşlarmyzy gutlady. Soňra mekdebiň 1-nji ýyl talyby Aýnabat Durdyýewa öz talyp deňduşlaryny gutlady. 2-nji ýyl talyby Berdiýew Rahat “Arkadagym, Arkadagly Serdarym” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra 2-nji ýyl talyby Oguldöndi Sopyýewa hem öz talyp deňduşlaryny baýramçylyklary bilen gutlady. 2-nji ýyl talyby Berdiýew Rahat “Ýaşlar-ýurduň geljegi” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk baradaky milli kasamy ýerine ýetirmekligi bilen dabara tamamlandy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25