Dabaraly Maslahat Geçirildi
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan «Türkmenistanyň Halk maslahaty milli demokratiýanyň döwrebap nusgasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat Halk maslahatynyň agzalary, institutyň professor-mugallymlary, we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk maslahatyna görülýän şu günlerinde alnyp barylýan işler bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty