KÖRPE NESIL BARADA ALADALAR DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda täze 21-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň ilkinji günlerinde, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňisyrasynda bu çagalar bakja-bagynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, bagtyýar çagalarymyz, türkmen halkymyz üçin uly sowgat boldy. Bu çagalar bakja-bagy 16 topardan ybarat bolup, 320 çaga kabul etmäge niýetlenilen. Döwrebap gurlan çagalar bagynda körpeleriň sagdyn ösmegi, bilimiň ilkinji esaslaryny özleşdirmekleri, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi üçin zerur şertler döredilen. Körpeleriň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, toparlaryň okuw otaglary, daşary ýurt dillerini öwretmek üçin niýetlenilen lingafon otagy, kompýuter, aýdym-saz, bedenterbiýe ýaly otaglary degişli diwarlyklar, häzirki zaman tehniki enjamlar bilen abzallaşdyrylan. Şeýle ajaýyp şertleriň döredilmegi körpelerimize ahlak-watançylyk, zähmet, gözellik terbiýesini bermäge, daşary ýurt dillerini öwretmäge, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga, sport bilen meşgullanmaga höwes döretmäge giň mümkinçilikleri berer.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň sowatly, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülbahar Atadurdyýewa,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni