Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýada okuw!
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Berdiýewa Mähri ýapon dili boýunça özüniň ýiti zehini we ukyp başarnygy netijesinde 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 3-i-18-i aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherine okuw saparyna gitmeklige mümkinçilik gazandy. Bu maksatnama “Ýapon dilini öwrenýänler üçin Ýaponiýada okuw” diýlip atlandyrylyp, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan üç tapgyrdan ybarat bolan synaglaryň üsti bilen iň ökde talyp saýlanylýar.
2025-nji ýylyň aprel aýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýapon dilini öwrenýän talyplaryň arasynda suhangöýlük bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşikde jemi 6 sany baýrakly ýer bolup, şolaryň biri Berdiýewa Mähri boldy. Soňra bäsleşikde ýer alan 6 sany talyp ýapon dili boýunça ýörite synaga gatnaşdylar. Özüniň 1-nji ýyl talypdygyna garamazdan, Berdiýewa Mähri ýokary netijeleri gazanmagy başardy we üçünji tapgyrda, ýagny ýapon dilinde geçirilen söhbetdeşlikde özüniň erjelligi bilen ilkinji ýeri eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynyň 3-ine Ýaponiýanyň Osaka şäherine bardy. Häzirki wagtda ol Ýaponiýada dünýäniň beýleki döwletlerinden gelen ýapon dilini öwrenijiler bilen ýapon dili sapaklaryny, ýapon medeniýetini öwrenýärler. Şeýle-de Ýaponiýanyň taryhy ýerlerine ýörite syýahatlara gidýärler.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti