«Garaşsyzlyk – göwünleriň buýsanjy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň we Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk – göwünleriň buýsanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaş okyjylaryň we mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada çykyşlar gurnaldy.

Maslahaty Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory E.Gurbanmyradowa açdy. Ol öz çykyşynyň başynda duşuşyga gatnaşyjylary şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen gutlady we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby barada täsirli gürrüňler berdi. Watanymyzyň şu güni, geljegi, gülläp ösüşi barada söhbet etdi.

Mary şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň mugallymy T.Rejepowa öz çykyşynda bagtyýar halkymyzyň kitaba, söze aýratyn hormat goýýandygy, kitabyň ynsanyň ruhy dünýäsine täsir ediji, gowulyga ymtyldyryjy uly güýçdügi, adamzat ykbalynda özgerdiji mukaddeslik we gymmatlyk hasaplanýandygy barada gyzykly gürrüňler berdi.

Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy A.Hommyýewa öz çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby barada, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri barada täsirli gürrüňler berip, ýaş kitapsöýüjiler bilen sorag-jogap alyşdy.

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlyk – göwünleriň buýsanjy» atly çäräniň dowamynda edilen gyzykly söhbetler ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli we halal adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwletli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maksat Ýakubow,

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň

Umumy orta bilim bölüminiň esasy hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25