Bilimler we talyp ýaşlar güni
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş-ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaş nesil hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan asuda, parahat Watanymyzyň rowaçly menzilleri dünýä ýaň salýar. Biz muny ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ägirt uly işlerde görýäris. Jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim ojaklarynda dünýäniň ösen döwrebap okuw tehniki enjamlary we täze tehnologiýalary ornaşdyrylyp, okatmagyň innowasion usulyýeti giňden peýdalanylyp ýaşlara bilim berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy belende göterilýär. Bu günde bilim basgançagyna täze gadam basan körpelerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak, kalbynda orun alan arzuwunyň şatlygy bolup baky ýaňlanýar. Ynsan kalbyndaky mukaddes Watanyňa bolan söýgi, mähir bilen gurşalýar.
Ir säher bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Bilim daragty meýdançasynda we Balkanabat bölüminde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplaryna talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň “Gara altyn” çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyna tagzym edip, talyp ýaşlar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti