Täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar.
Ine şu gün, biziň ýurdumyzda bilimler we talyp ýaşlaryň güni uly dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ilkinji gününde, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňi syrasynda Aşgabat şäheriniň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk 16 topardan ybarat bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlar bilen üpjün edilen 192-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada körpeleriň we ata-eneleriň Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdan minnetdarlyk sözleri dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Biz bilim işgärlerine şular ýaly ajaýyp binada zähmet çekmäge, döretmäge, çaga terbiýesi bilen meşgullanmaga, ýaş nesillere görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň peder-pendini eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Aşgabat şäheriniň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda
ýerleşýän 192-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri
Meredowa Ogulmaral Ýagmyrowna