Bilim-Beýik geljegiň berk binýady


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.

Täze 2025-2026-njy okuw ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar.

Täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary (22.09.2024ý 1119 belgili) esasynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda täze gurlan 400 orunlyk orta mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara Lebap welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň edaralarynyň, kärhanalarynyň, jemgiýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de medeniýet-sungat ussatlary gatnaşdylar.

Täze mekdebiň açylyş dabarasynda Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Meýmanowiç Genjiýew mekdep okuwçylaryny, bilim işgärlerini Bilimler, talyp ýaşlar baýramçylygy mynasybetli gutlag sözi bilien çykyş etdi. Şeýle hem açylyş dabarasynda il sylagly ýaşuly Raşid Baýmyradow, kümüş saçly ene Keýik Abraýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gadam Hemraýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň başlygy Durdy Mamedow, Çärjew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Bibijan Rejepowa gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabarada täze mekdebiň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sowgat gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra dabara gatnaşyjylar çagalar tans toparlarynyň aýdym sazly şowhunly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly ýagdaýda “ilkinji jaň” kakyldy hem-de il sylagly ýaşulular täze mekdebiň toý bagyny kesdiler. Mekdebiň esasy girelgesinde dabara gatnaşyjylar çagalaryň joşgunly goşgularyna, skripka toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Täze mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşýan hormatly myhmanlar şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilen çagalara Hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” atly noutbuk kompýuterlerini gowşurdylar. Sowgat gowşurylan 1-nji synp okuwçylary Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Soňra hormatly myhmanlar ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin bu täze mekdepde döredilen ähli şertler we mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan hormatly myhmanlar ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri we giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli we tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

M.J.Weliýew

Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25