Täze döwrebap çagalar bagy Bilimler we talyp ýaşlar gününe uly sowgat boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim we terbiýe ulgamy ähli ugurlar boýunça täze ösüşlere eýe bolýar. Körpelerimiziň bagtyýar çagalygy ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda bilim, terbiýe ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek dünýä derejesindäki tejribeleri ornaşdyrmak bilen, ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, ukyply hem-de, watanyna wepaly şahslar bolup ýetişmegi üçin, ähli şertler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň aýdyň mysaly hökmünde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Ine, şugün hem şanly Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda, altyn güýzüň ilkinji gününde, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, birnäçe döwrebap orta okuw mekdepleri şeýle-de, döwrebap çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda hem, 160 orunlyk, 8 topardan ybarat bolan, döwrebap 43-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasynyň aýdyň şaýady bolduk. Täze gurlan bu çagalar bakja-bagy körpelerimiziň sagdyn, bagtyýar we bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegine ýardam edýär. Bagtyýarlygyň bagt bagy hasaplanýan çagalar bakja-bagymyzyň toparlarynda giň ýatylýan otaglar, düşünje alyş we oýun oýnalýan otaglar bar. Terbiýeçilik işinde körpeleriň bilim endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berler. Häzirki zaman kompýuter we lingafon tehnikasy bilen üpjün edilen, ajaýyp okuw synp otaglary olaryň ygtyýaryndadyr. Çagalaryň döredijilik we bedenterbiýe ukyplaryny ösdürmek üçin, aýdym-saz we sport zallary, suwa düşülýän ýörite howuz, oňat üpjün edilen aşhanaly naharhana, lukmançylyk nokady, körpeleri açyk howada gezelenç etmek, we oýnamak üçin eýwanlar hem-de telärler, owadan bezelen oturylýan ýerler we hiňňillikler guraldy. Çagalar bakja-bagynyň howlusyny ýaşyl baglar, bagtyýar çagalar üçin gurnalan ajaýyp oýun meýdançalary şeýle-de, ertekileriň gahrymanlarynyň heýkeltaraşlyk şekilleri bezeýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir” diýen sözleri, eziz körpelerimiziň bagtly çagalygy barada alada olaryň terbiýesi we bilimi baradaky aýratyn üns, halkymyzyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Täze çagalar bakja-bagymyzyň açylmagy mynasybetli, Hormatly Arkadagymyza, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, işleri mydama rowaç bolsun!
43-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetiriji Jennet Mämmedowa