Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat


Indi däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýram hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlag ibermegi bu çäräniň syýasy derejesiniň örän ýokarydygyny tassyklaýar.

Bu şanly baýram, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli  2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde   “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Uniwersitetiň uly mugallymy M. Kullaýewa ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ylymly nesiliň watanyň badyna bat, kuwwadyna kuwwat goşýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdi.

Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, alymlary, ylym edaralarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25