Aşgabatda bilimde emeli aňyň ulanylyşy boýunça halkara maslahat geçiriler


29-njy awgustda Aşgabatda «Bilimde Durnukly Ösüş Maksadyna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.

Maslahatyň guramaçylary — Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (UNESCO IITE) bolup durýar. Çäräniň esasy maksady emeli aňy milli we halkara derejedäki bilim platformalaryna ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.

Maslahatda ÝUNESKO-nyň wekilleriniň, halkara bilermenleriň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgärleriniň, alymlaryň we mugallymlaryň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylar bilimi sanlylaşdyrmak, sanly we mediabilik endiklerini ösdürmek, emeli aňyň ulanylyşynyň etiki taraplary hem-de innowasion bilim tehnologiýalary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahat bilim ulgamyna AI tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak, sanly özgertmeler şertlerinde bilimi ösdürmegiň bilelikdäki strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolar. Aýratyn üns şahsylaşdyrylan okatmaga, tankydy pikirlenmäni ösdürmäge hem-de bilim maksatnamalarynyň häzirki döwrüň talaplaryna uýgunlaşmagyna berler.

Çärä gatnaşyjylar iň oňat halkara tejribeleri bilen tanyşmak, bar bolan kynçylyklary we mümkinçilikleri maslahatlaşmak, şeýle hem geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiliklerine eýe bolarlar.

ÝUNESKO-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirýär. Ol tehnologiýa infrastrukturasyny ösdürmegi, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, akylly okatmak ulgamlaryny ornaşdyrmagy we sanly başarnyklaryň milli standartlaryny döretmegi öz içine alýar.

Turkmenportal

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25