“Kids Expo” - Zehinli çagalaryň mental arifmetikada 3 sany dünýä rekordy


Şu gün Aşgabatda geçirilen “Kids Expo” sergisiniň köpugurly çärelerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen kiber, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak we tagam taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler üçin zolaklar döredilipdir. Şolaryň arasynda mental arifmetika boýunça çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem özüniň ýatdagalyjylygy bilen tapawutlandy.
Bäsleşigiň eminleriniň toparyna ýurduň 16 sany bilim merkeziniň mugallymlary girdi. Bäsleşigiň esasy bilermeni we hormatly myhmany hökmünde dünýä belli “MEMORIAD” atly Bütindünýä Olimpiadasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar gatnaşdy. Onuň gatnaşmagy bu bäsleşigiň ähmiýetini we mental arifmetika boýunça halkara hereketler bilen baglanyşygyny görkezdi.
Çagalar görkezilýän sanlary gysga wagtda hasaplamak arkaly, zehin başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli okuwçylary mental arifmetikasynyň üç görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýdular. Onda Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aly Oraşow 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany iki belgili sanlary goşmak boýunça öz ukybyny görkezdi. Yzygiderli bäş gezek dogry netije görkezen Aly dünýä rekordyny goýmagy başardy.

Şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiniň okuwçysy Rowaç Begenjow 100 sany bir belgili sanlary dogry goşup, yzygiderli üç gezek dogry netije görkezdi. Şeýlelikde Rowaç dünýä rekordy goýmagyň hötdesinden geldi.

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mekan Batyrow 8 belgili sanlary on gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25