Türkmenistanyň Bilim ministrligi: “Kids Ekspo” - täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda çagalar üçin harytlar we hyzmatlar
Mälim bolşy ýaly, şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy uly şatlyk-şowhun bilen öz işine başlady.
Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen bu sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Ol diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär.
Sergi-ýarmarkanyň diwarlyklarynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýunjaklary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle hem iýmit kärhanalaryň 80-den gowragy özleriniň diwarlyklaryny gurnadylar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, döwrebap bilim almagy baradaky aladalar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler nesilleriň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlary gurlup, çagalaryň ýokary hilli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna hem aýratyn orun degişlidir. Sergide Gaznanyň milli we halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen täsirli beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Şeýle çagalar üçin Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli lukmançylyk bejergileri, sagaldyş-dikeldiş işleri yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, dürli ýurtlarda heläkçilik zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwer kömek iberilýär.
Sergide Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmekde ulanylýan usulyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär.
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy. Gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenilip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli güwänamalaşdyrma işleri geçirildi.
Mundan başga-da, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň ýedi görnüşini öndürýär.
Sergide paýtagtymyzdaky “Jahan” döredijilik merkeziniň diwarlygy hem aýratyn üns çekijidir. Döredijilik merkezinde çagalar üçin okuw, sungat we sport ugurly gurnaklaryň 17-si hereket edýär. Merkezde milli keşdeçilik, halyçylyk we aýdym-saz sungatyny ýaş nesillere öwretmek boýunça hem işler alnyp barylýar.
Halkara gözden geçirilişe ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem işjeň gatnaşýarlar. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda ýurdumyzyň dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, şeýle hem öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Arassa tebigy çig maldan öndürilýän bu önümler häzirki täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän möwsümde uly islege eýedir.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini düzýär. Bu ýerde ministrlik tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary emele getirilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek.
Bilim ministrliginiň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesliň bilim almagy, sagdyn ösmegi we döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler tanyşdyrylýar.
Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sergi diwarlygynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdiler. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç we uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär.
Halkara gözden geçirilişe Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem diwarlygy bilen gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna girişildi. «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gazanan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçiren pul serişdesiniň Çagalar kitaphanasynyň gurluşygyna gönükdirilendigini bellemek gerek. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gaznanyň diňe bir çagalaryň beden taýdan däl, eýsem, ruhy we aň taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýändiginiň mysalydyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi çagalar üçin neşir önümleri we terbiýeçilik ähmiýetli animasiýalary hödürleýärler. Türkmen döwlet gurjak teatry bolsa çagalar üçin türkmen halk ertekilerine esaslanýan sahna eserleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar.
Iri halkara gözden geçirilişe gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän taslamalar barada giňişleýin maglumat berýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygy, bilimi bilen baglylykda bu halkara düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Şu gezekki sergä dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary we olaryň ýurdumyzdaky hyzmatdaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Russiýanyň “Proff-press” we “Relýef-sentr” kompaniýalary neşir we kanselýariýa önümleriniň, Hytaýyň “New plastic limited” we “Bidy toys”, Özbegistanyň “Gold Quality Invest” kärhanalary çaga oýunjaklarynyň, Türkiýäniň “Dalin” kompaniýasy çagalar üçin arassaçylyk serişdeleriniň söwdasynda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler.
Ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini we takyk bilimleri öwrenmekleri üçin uly şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. “Kämil bilim”, “Sanly bilim” we “Baky Tylla” bilim merkezleri kompýuter we programmirlemäni öwrenmek üçin çuňlaşdyrylan okuwlary hödürleýärler. “Halkara audit” okuw merkezi hasaplama ugurly okuwlary guraýar. “Sowatly”, “Reňkli dünýä”, “Intellect Dom” merkezleri bolsa öwrediji oýunlar arkaly kiçi ýaşly çagalaryň durmuş we pikirleniş endikleriniň kämilleşmekleri üçin okuwlary we öwrediji gollanmalary üpjün edýär. “IQ 007” merkezinde irki ýaşdan çagalaryň hat ýazuwy we çalt okamagy özleşdirmegi, “Kitap” bilim merkezinde bolsa olaryň kompýuter tehnologiýalary bilen çagalykdan gyzyklanmaklary üçin ýörite okuw maksatnamalary hereket edýär.
Ýeri gelende bellesek, halkara sergi-ýarmarkada çagalar üçin öwrediji gollanmalaryň we kitaplaryň söwdasyny etmek üçin hem giň mümkinçilikler bar. Bu babatda “Arsbooka”, “Magic book” we “Book Club” dükanlarynyň diwarlyklary aýratyn özüne çekijidir. Olaryň hödürleýän gollanmalary ýaş nesilde okuwa we bilimlere bolan ilkinji gyzyklanmalary döretmäge, pikirlenişi hem-de başarnyklary ösdürmäge kömek edýär.
Bilim merkezleriniň diwarlyklarynyň ýanynyň köp adamly bolmagy halkymyzyň ylym-bilime, ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Çünki ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir. Bu ýerde geljekki hünärleri ele almak, daşary ýurtlaryň belli ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin maslahatlary almak bolýar. Bu babatda “Mümkinçilik dünýäsi” hojalyk jemgyýetiniň we “Global education”, “Adyl” merkezleriniň işi hut şu ugra ýöriteleşendir. “Uni-Zone” kompaniýasy bolsa Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamak mümkinçiligini hödürleýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri çagalar üçin otaglary bezemekde, ýörite mebelleri ýasamakda hem önümçilik tejribelerini artdyrýarlar. “Mähirli Puf”, “Decor Turkmenistan” we “Amantaý” kärhanalary bu ugurda özleriniň mümkinçilikleri bilen serginiň myhmanlaryny tanyşdyrýarlar.
Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler milli ykdysadyýetiň ulgamlarynda alyp barýan işlerini giňeltmek bilen Watanymyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olar öňdebaryjy innowasiýalaryň we önümleriň ýurdumyzyň getirilmegine hem işjeň gatnaşyjylardyr. Şunlukda, “Ynamdar” onlaýn dükany dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşli harytlarynyň söwdasyny amatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin döwrebap hyzmaty hödürleýär. “Balam” çagalar harytlary dükany kiçi ýaşlylar üçin dürli esbaplardyr gurnamalar, oýunjaklaryň dürli görnüşleri bilen sarp edijileri üpjün edýär. “Galam” dükany diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçin hem dürli kanselýariýa harytlary hödürleýär.
Çagalaryň dürli witaminlere baý önümleri iýmekleri olaryň sagdyn ösmeginiň möhüm şertidir. “Vertera” kompaniýasy çagalar üçin dürli witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitlerini hödürleýärler. Sergi-ýarmarka çagalar üçin harytlary, arassaçylyk serişdelerini öndürmekde we hyzmatlary hödürlemekde halkara möçberde öňdebaryjy hasaplanylýan kompaniýalaryň ýurdumyzdaky üpjün edijileri hem özleriniň diwarlyklary bilen gatnaşýarlar.
Sergide ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan öndürilýän azyk önümlerine hem möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen baglylykda, “Täze Aý” we “Tudana” haryt nyşanly önümler özüniň ýokary hili we özüne çekiji gaplanyşy bilen tapawutlanýar. “Ýüpekçi” we “U&Me Bubble tea” düzümleri tomus paslynda ulular, şol sanda çagalar üçin-de lezzetli bolan miwe suwlary hödürleýär. “Erteki” haryt nyşanly doňdurmalar hem häzirki döwürde geçginli önümlerdir.
“Jan Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti çagalar üçin programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda gazananlary bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar. Hojalyk jemgyýeti şeýle hem çagalaryň söýüp tomaşa edýän multfilmlerini we filmlerini türkmençä geçirip, ses berip we programma goşundysynda köpçülige ýetirip başlady.
“Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti hem özleriniň öndürýän tehnologiýa enjamlary bilen sergä gatnaşýarlar. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara sowgat berilýän noutbuk kompýuterleriň hem şu kärhanalar tarapyndan öndürilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda tehnologik enjamlaryň önümçiligi babatda iri kuwwatlyklar hasaplanylýan bu düzümler edara-kärhanalar üçin kompýuterleri we beýleki zerur innowasion enjamlary hem öndürýär.
Sergi-ýarmarkanyň çagalar, şol sanda uly ýaşly adamlara gyzykly bolmagy üçin guramaçylar onuň giň gerimli çäreleri öz içine alýan maksatnamasyny taýýarladylar. Gözden geçirilişe gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileri çäreleri guramak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, döredijilikli çemeleşmeleri hödürleýärler. “Rishat Events”, “JAM Creative”, “Party boom”, “Femmeli” ýaly düzümler çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli çäreleri, ussatlyk sapaklary we oýunlary guraýarlar.
Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary sergä gelýän ýaşajyk myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýar.
“Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň görkezilişi geçirildi. Bezemen sahnada görkezilen lybaslarda milli we häzirki zaman biçüwler sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan tikinçilik sungatyny ýaş nesillere öwretmekde hem nusgalyk işler alnyp barylýar. Serginiň çäklerinde çagalar üçin tikin tikmek, lybaslary bezemek, özbaşdak sungat eserlerini döretmek boýunça ýörite tälim beriji sapaklar hem berilýär.
Serginiň köpugurly çärelerini geçirmek üçin ýöriteleşdirilen kiber, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak we tagam taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler üçin zolaklar döredilipdir. Şol ýerlerde çagalaryň özbaşdak ösüşine ýardam bermek maksady bilen ussat tälimçi-mugallymlaryň ugrukdyrmagynda dürli çäreler we bäsleşikler guralýar. Bäbekleriň emedekleme ýaryşy, çagalaryň arasynda çalt ýazmak, özbaşdak ýasalan robotlaryň bäsleşikleri şolaryň hataryndadyr. Olarda tapawutlanan ýaş nesliň wekillerine çäreleri guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.
Şolaryň arasynda mental arifmetika boýunça çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem özüniň ýatdagalyjylygy bilen tapawutlandy. Çagalar görkezilýän sanlary gysga wagtda hasaplamak arkaly, zehin başarnyklaryny görkezdiler. Bu dersiň ýaş nesilleriň diňe bir matematiki amallary tiz özleşdirmeginde däl, eýsem, olaryň ýatkeşligini, ünsüni, logiki we döredijilik pikirlenişini artdyrmakda hem ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda hereket edýän bilim merkezleri çagalarda şeýle başarnyklary ösdürmek boýunça okuw hyzmatlaryny barha kämilleşdirýärler.
Ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ene-atalar çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada ussat pedagogik işgärlerden maslahatlary alyp bilýärler. Ýörite guralýan kitap ýarmarkalarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda hödürlenilýän kitaplar we öwrediji gollanmalar bilen hem tanşyp bolýar.
Umuman, sergi-ýarmarkanyň şygary “ähli zat çagalar üçin” bolsa-da, onuň geçirilýän ýeri ähli ýaşdaky adamlary çagalygyň täsin dünýäsine aralaşdyrýar. Sergi diňe bir işewürlik hyzmatdaşlygy üçin däl, maşgala bolup dynç almak, şol bir wagtda çaga terbiýesi we bilimi babatda täze hyzmatlary, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek üçin-de amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzda guralýan çäreleriň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Gözden geçirilişde iň gowy sergi diwarlygyna onlaýn ses bermek hyzmaty hem ýola goýuldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen, ýaş nesliň şatlykly pursatlaryna beslenýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bagtyýar çagalyk, olaryň nurana geljegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Halkara sergi-ýarmarka 23-nji awgusta çenli öz işini dowam eder. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.