Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri maslahatlaşmak, 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen Lebap welaýatynyň pedagogik işgärleriniň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 11-13-i aralygynda geçirildi.
Welaýatyň etrap, şäherlerindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 32-sinde 677 sany toparlarda 4404 sany söhbetçileriň guramagynda geçirilen usuly-amaly okuwlara pegagogik işgärleriň 20874-si gatnaşdylar.
Usuly-amaly okuwlarda bilim edaralarynyň ýolbaşçylary «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilim edaralarynda ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýeleri) boýunça işleriň guralyşyny we geçirilişini; okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişiniň üpjün edilişini, ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde öňdebaryjy iş tejribeleriň ulanylyşyny, sapaklarda sanly serişdelerden, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, okuw-görkezme esbaplardan netijeli peýdalanylyşyny, sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli Gözükdirijiniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Usuly-amaly okuwlarda mekdebe çenli ýaşly çagalaryň başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň», hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň, hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterleriniň sapaklarda netijeli peýdalanylyşy, başlangyç synplaryň okuwçylaryny okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary barada iş tejribeden söhbetler guraldy.
Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň täsirli çykyşlary guraldy.
Etrap we şäher maslahatlary awgust aýynyň 14-nde, welaýatyň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty awgust aýynyň 16-synda ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýen şygar bilen geçirildi.
Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň binýadynda döredijilikli we döwrebap işleýän bilim işgärleriniň iş tejribeleri boýunça hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergi guraldy. Sergide okuw işinde sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplary ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralaryň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, gündelikleriň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalary görkezildi.
Maslahata welaýatyň etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli we mekdepden daşary çagalar edaralarynyň öňdebaryjy pedagoglary gatnaşdylar. Maslahat Lebap welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik Toplumynyň maslahatlar zalynda geçirildi.
Maslahatda welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň ,,Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, täze 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri” barada seljerme-hasabat çykyşy diňlenildi. Seljerme-hasabat çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň maý aýynyň 25-nde gol çeken 978 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler hem-de bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalar, Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standarty, mekdebe çenli döwlet bilim standarty, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy», okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylan netijeli işler barada bellenildi.
Maslahatda öňdebaryjy pedagogik işgärler çykyş etdiler:
Türkmenabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Selbi Joraýewanyň ,, Daşary ýurt dillerini okatmaklygy dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmegiň iş tejribesinden” atly çykyşy diňlenildi. Soňra Saýat etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy Öwezgeldi Hallyýewiň ,, Geografiýa sapaklarynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmegiň, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň ýollary” atly tema, Kerki etrabynyň 26-njy çagalar bakja- bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy ,,Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň aýdym-saz sungatyna bolan söýgüsini ösdürmegiň ýokary netijeli usullary” atly tema boýunça, Lebap welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň dil düzediş mugallymy Laçyn Döwletownanyň “Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklary” atly tema bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçildi.
Maslahatda çykyşlardan soňra geçen okuw ýylynda netijeli zähmet çeken öňdebaryjy pedagoglary sylaglamak dabarasy boldy.
Maslahata gatnaşýan bilim işgärleri ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän, ýaşaýyş-durmuş derejämizi has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýän, bagtly, asuda ýaşamagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli we tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Kerimbergen Maşaripow
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň müdiri