BILIM ULGAMYNYŇ BELENT SEPGITLERI
Toýly günleriň şatlygyny artdyryp her bir günümizi toý-baýrama besleýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Bilim biziň beýik geljegimizdir» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar.
Şanly ýylyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde ýurdumyzda bilim işgärleriniň awgust maslahatlary işjeň ýagdaýda geçirildi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar esasynda öňdebaryjy pedagogik işgärleriň maslahaty ýokary guramaçylygy bilen tapawutlandy. Maslahat gatnaşyjylar ilki bilen toplumyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde bilim işgärleri özleriniň alyp barýan taslama we döredijilik işleri, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri dogrusynda gürrüň berýän döwrebap sergilerini görkezdiler.
Soňra Döwlet senamyzyň buýsançly ýaňlanmagy bilen başlanan maslahat Daşoguz welaýatynyň okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda dowam etdi. Maslahata Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň etrap bilim bölümleriniň, orta mekdepleriň we çagalar bakja baglarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ilki bilen TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow dagy çykyş edip, ähli bilim işgärlerini ýetip Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem ol öz çykyşynda welaýatymyzyň bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri hakynda aýratyn durup geçdiler.
Soňra Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy Atabaý Mätniýazow çykyş edip, 2024-2025-nji okuw ýylynyň netijeleri we täze 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada çykyş etdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda bilim işini guramak «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýalarynyň esasynda amala aşyryldy. Şeýle hem geçen okuw ýylynda orta mekdepleri uçurymlaryň müňlerçesi tamamlady. Täze okuw ýylynda ak mekdeplere müňlerçe okuwçynyň gelmegine garaşylýar. Häzirki wagtda ak mekdeplere gadam basjak körpejeler üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gowşuryljak «Bilimli» atly kompýuterleriň gelip gowşandygy bellenildi. 2024-2025-nji okuw ýylynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary dürli ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp baýrakly orunlaryň birnäçesini eýelediler. Şeýle hem bilim işgärleri we mekdep okuwçylary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda welaýatymyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijelere beslenýändigini alamatlandyrýar. Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy öz çykyşynda täze 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada hem giňişleýin durup geçdi. Bellenilişi ýaly, 2025-2026-njy okuw ýylynda bilim işini döwrebap ýola goýmak barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli gözükdürijileri bilim edaralaryna doly ýetirildi we onuň mazmunyny düşündirmek boýunça degişli işler geçirildi. Şeýle orta mekdeplere gadam basjak ýaş nesilleri orta mekdebe kabul etmek işleri hem guramaçylykly dowam edýär. täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bilim işgärleriniň awgust maslahatlary Daşoguz şäherinde we ähli etraplarda ýokary derejede geçirildi. Olaryň dowamynda bilim işgärleriniň özara tejribe alyşma sapaklary we beýleki usuly okuwlar guraldy.
Geçen okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiklere welaýatyň mekdep okuwçylary guramaçylykly gatnaşyp:
Ylmy-taslama döredijilik bäsleşiginde döwletde 2 sany, Robot tehnikasy taslama-döredijilik bäsleşiginde döwletde 3 sany, ugurlar boýunça Ders bäsleşiginde döwletde 38 sany baýrakly orunlara, Aşgabat şäherinde geçirilen II Halkara matematika olimpiadasynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary gatnaşyp 1 sany kümüş medala, 6 sany bürünç medala mynasyp bolandyklaryny şeýle-de Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mekan Döwletýarow 3-nji Al Horezmi Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp Bürünç medala, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Gummanow 19-njy Halkara Eýran geometriýa olimpiadasyna gatnaşyp Bürünç medala mynasyp bolandyklaryny bellemek bolar.
Daşoguz şäheriniň mekdep okuwçylarynyň 2025-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Kanada döwletlerinde Halkara derejesinde geçirlen FISO-2025 onlaýn internet bäsleşiginde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary 10 sany , Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwledilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary 19 sany medally orunlara mynasyp boldular.
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Meýlis Atamyradow 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda “Gulbaba” adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldy. Şeýle-de şu mekdebiň mugallymy Ýazbibi Mämmedowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň “Mugallymlar gazeti” redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi” atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan yglan edilen “Gülüň owadan” atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Baş baýraga mynasyp boldy.
Mekdep okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndürijileri ýangyn-amaly sport bäsleşiginde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň okuwçylar topary gatnaşyp Döwletde III orna mynasyp boldular.
Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň “Bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň jemleri hakynda” 2025-nji ýylyň 24-nji maýyndaky 192 belgili buýrugyna laýyklykda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy Akgül Ýollyýewa “Iň göreldeli synp ýolbaşçy” bäsleşiginde döwletde Baş baýraga, Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebi “Iň gowy mekdep sport zaly” bäsleşiginde döwletde Baş baýraga, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 7-nji orta mekdebi “Iň gowy mekdep” bäsleşiginde döwletde 1-nji orna, Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiniň kitaphanasy “Iň gowy mekdep kitaphanasy” bäsleşiginde döwletde 1-nji orna, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri Aýjemal Agaýewa “Iň göreldeli mekdep müdiri” bäsleşiginde döwletde 2-nji orna, Şabat etrabynyň 8-nji çagalar bakja bagy “Iň gowy çagalar bakja bagy” bäsleşiginde döwletde 1-nji orna, Akdepe etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 105-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Jennet Toýlyýewa “Mekdep müdiriniň iň göreldeli terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary” bäsleşiginde döwletde 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 38-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Oguljan Ilýasowa “Iň gowy topar otagy” bäsleşiginde döwletde 2-nji orna, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çüňlaşdyrylyp öwledilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Kerim Sazakow “Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary” bäsleşiginde döwletde 2-nji orna, Daşoguz şäherindäki 15-nji çagalar bakja bagynyň aýdym saz mugallymy Azymjan Taňryýew “Iň göreldeli aýdym saz mugallymy” bäsleşiginde döwletde 2-nji orna, Görogly etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Gülşirin Piriýewa “Iň göreldeli gurnak ýolbaşçysy” bäsleşiginde döwletde 2-nji orna, Şabat etrabynyň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň mugallymy Leýla Ernazarowa “Iň gowy okuw otagy” bäsleşiginde döwletde 3-nji orna, Akdepe etrabynyň Andalyp şäherindäki “Altyn nesil” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi “Iň gowy mekdepden daşary çagalar edarasy” bäsleşiginde höweslendiriji baýraga, Görogly etrabynyň 5-nji çagalar bakja bagynyň müdiri Güljahan Tekäýewa “Iň göreldeli çagalar bakja bagynyň müdiri” bäsleşiginde höweslendiriji baýraga, Boldumsaz etrabynyň 11-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçi usulyýetçisi Albina Faýzullina “Iň göreldeli terbiýeçi usulyýetçi” bäsleşiginde höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän bilim-terbiýeçilik işgärleriniň arasynda geçirilen “Ýylyň terbiýeçisi” bäsleşiginde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän 38-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Şemşat Pollyýewa Döwletde Baş baýraga mynasyp boldy.
Soňra maslahatda etrap bilim bölümleriniň müdirleri hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bilim edaralarynda okuw işini guramakda we bilime teşne ýaş zehinleri ýüze çykarmakda birnäçe guwandyryjy netijeler gazanyldy. Şeýle hem bilim-terbiýeçilik edaralarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ugrukdyryjy gözükdirijilerine laýyklykda, okuw işi netijeli esasda ýola goýuldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bular barada çykyş edenler buýsanç bilen bellediler we bilim ulgamyny ösdürmäge berýän hemaýat goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy pedagogik işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Pedagogik işgärleri aýratynam, ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermekde, okatmagyň täze usullaryny öwrenmekde we ýaýratmakda, bilim edaralarynyň arassaçylygyny, abatlygyny üpjün etmekde, şeýle hem bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Özleriniň çekýän yhlasly zähmetine berlen ýokary baha üçin öňdebaryjy pedagogik işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiniň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary
Döwletnazar Işangulyýew