DÖWREBAP BILIM ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR


16-njy awgustda Arkadag şäheriniň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahaty geçirildi. Ir säher bilen Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Onda ýaş nesillerimiziň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde alyp barýan beýik işleriniň, ýurdumyzyň ösüşini hem-de bagtyýar çagalarymyzyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň waspy ýetirildi. Soňra ady agzalan mekdebiň eýwanynda “akylly” şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň hem-de çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň taýýarlan sergileri görkezildi.

Soňra maslahat öz işine başlady. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar astynda başlanan maslahat açyk diýlip yglan edilenden soňra, çykyşlara giň orun berildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýokary ösüşleri nazarlaýan bilim ulgamynyň dörebap derejede kämilleşýändigini, ýurdumyzyň ähli künjegindäki bilim ojaklarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen doly üpjün edilendigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem sebitde ýeke-täk “akylly” şäher bolan Arkadag şäherinde hereket edýän bilim ojaklarynyň zamananyň ösen ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylandygyny bellediler.

Şeýle hem maslahatyň Gün tertibine laýyklykda, 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlendi hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlenildi. Pedagogik işgärleriniň alyp barýan okuw-terbiýeçilik we usuly işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşmekleri, ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim we edep-terbiýe bermekde täze üstünlikleri gazanmaklary, öz kärleriniň hakyky ussatlary bolmaklary üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar hem-de 2025-2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Şirimuhammet BERDIÝEW,

Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25