WELAÝATYŇ ÖŇDEBARYJY BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Ahal welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan maslahata etrap bilim bölümleriniň ýolbaşçylarydyr degişli hünärmenleri, mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, öňdebaryjy bilim işgärleri, şeýle-de welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmekde, hil taýdan täze derejä çykarmakda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde, çagalaryň innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, olara hünär öwretmekde durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi, şeýle-de welaýatyň bilim edaralarynyň 2024-2025-nji okuw ýylynyň netijelerine seljerme berildi, täze 2025-2026-nji okuw ýylynda öňde duran wezipeler kesgitlendi.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpgöter özgertmek, ähli taraplaýyn ösen aň-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maslahatyň ahyrynda geçen okuw ýylynyň dowamynda göreldeli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanan bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Maslahatyň çäginde guralan okuw görkezme esbaplarydyr taslamalaryň sergisi hem uly gyzyklanma döretdi.
Ahal welaýat Baş bilim müdirligi