Türkmen talyp ýaşlarynyň halkara derejesindäki üstünlikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralanýan günlerinde Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we durmuşy taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýylyň şygary bilen şöhlelenýän ajaýyp zamanamyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryny we daşary ýurt döwletleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýurdumyzda ileri tutulýan syýasatymyzyň özenidir. Galyberse-de ýurdumyz talyp ýaşlary dünýäde abraýly halkara dabaraly çärelerdir bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, üstünlikli netijeleri görkezýärler. Şeýle üstünlikli netijeleri görkezýän talyp ýaşlaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyp ýaşlaryny görkezmek bolýar.
Ýaňy-ýakynda Indoneziýa Respublikasynyň Ýaş Alymlar Assosiasiýasy (IYSA) tarapyndan geçirilen Robotehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynda «Kompýuter» ugry boýunça taslama bäsleşigi geçirilip, bu bäsleşige Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, ýagny Halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary B.Toýlyýew, B.Rejepow we Ý.Batyrow özleriniň «Emeli aňy ulanyp awtoulaglary kärendä bermek» atly taslamasy bilen gatnaşyp, baýrakly I orna mynasyp boldular.
Bu döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ilerlemäge täsir eden taslama bäsleşigine «Daşky gurşawy goramak», «Robotehnika», «Oýunlar» «Fizika we inženerçilik» hem-de «Kompýuter» ugurlary boýunça geçirilen bu olimpiada dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 12 döwletden, ýagny Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Malaýziýanyň, Taýland Patyşalygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Meksikanyň, Günorta Koreýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rumyniýanyň, Bangladeşiň, Indoneziýanyň we Wýetnamyň ýokary okuw mekdeplerinden 30-dan gowrak toparlar gatnaşdylar. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşik döwletleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine we halkara tejribeleri öz ylym, bilim we döredijilik ulgamlarymyzda amal edinmeklerine uly täsirini ýetirýär.
Halkara derejesinde geçirilýän bäsleşikdir olimpiadalara türkmen talyp ýaşlarynyň yzygiderlikli gatnaşyp, üstünlikli netijeleri görkezmekleri, eýýäm, biziň ýaşlarymyzyň ylyma, bilime, sungatadyr medeniýete we sporta bolan hyjuwlaryny amal edip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatlaryna özleriniň saldamly goşantlaryny goşduklary bolýar. Çünki döwletimiziň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalaryny ýaşlarymyza gönükdirýärler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti