Halkara matematika bäsleşigi (IMC) - 2025
2025-nji ýylyň 27-nji iýuly – 3-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) we Bolgariýa Respublikasynyň Amerikan Uniwersitetiniň (American University in Bulgaria) bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 32-nji Halkara matematika bäsleşigi (32nd International Mathematics Competition for University Students, IMC-2025) geçirildi.
Bu bäsleşik dünýäniň 52 döwletinden 434 talyp gatnaşdy. Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylykinstitutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar olimpiadada üstünlikli çykyş edip şahsy hasapda 2 sany altyn medala, 2 sany kümüş medala we 3 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Halkara matematika bäsleşigi (IMC) uniwersitet derejesindäki iň abraýly halkara ýaryşlaryndan biridir. Halkara matematika bäsleşigi (IMC) talyplar üçin iň uly we meşhur halkara matematika olimpiadalarynyň biridir. 1994-nji ýyldan bäri dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň toparlary oňa gatnaşýarlar. Halkara bäsleşigi iňlis dilinde geçirildi. Halkara matematika olimpiadasy 2 tapgyrdan ybarat bolup, türkmen ýaşlary Awstriýa, Belgiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Kolumbiýa, Gollandiýa, BAE, ABŞ, Demirgazyk Makedoniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Ekwador ýaly jemi 52 ýurtdan 434 gatnaşyjy bilen bäsleşdiler. Iki günüň dowamynda talyplar algebra, derňew, kombinatorika we geometriýa ýaly ugurlar boýunça 4-5 meseläni çözdi. Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak talyp ýaşlar üçin möhüm waka boldy. Bäsleşigiň özünden başga-da, umumy gyzyklanmalary paýlaşýan dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilen duşuşmak mümkinçiligi uly täsir galdyrdy. Talyplar üçin bu diňe bir matematikadan ukyplarynyň synagy bolman, eýsem dostlukly aragatnaşyk gurmaga hem mümkinçilik boldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti