Wagyzçylaryň täze nesli


Gahryman Arkadagymyzyň ýörite tabşyryklary hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde meýletinçiler bilen ugurdaşlykda, ýaş habarçylar-wagyzçylar topary hem döredildi. Ýaş wagyzçylaryň 10-dan gowragy forumyň maglumat üpjünçiligine işjeň gatnaşýarlar. Olar milli we halkara habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde bu maslahatyň ýokary ähmiýetini wagyz edýärler, maslahat barada dessine maglumatlary taýýarlaýarlar hem-de olaryň dünýä jemgyýetçiligine giňden ýetirilişine möhüm goşant goşýarlar.
Halkara žurnalistikasy we kommunikasiýa ýaly ugurlarda baý tejribe toplaýan ýaşlar tarapyndan taýýarlanylýan reportažlardyr söhbetdeşlikleriň, makalalaryň birnäçe dilde ýaýradylmagy dünýä giňişliginde forum barada habarlylygy ýokarlandyrmakda, şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25