Tejribeler artdyrylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesliň ýokary hilli bilim-terbiýe almagy, bilim derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi baradaky öňde goýan wezipelerine laýyklykda, giň dünýägaraýyşly, täze innowasion tehnologiýalaryndan erjellik bilen peýdalanyp bilýän, maksada okgunlylyk bilen hereket edýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işi yzygiderli alnyp barylýar. Munuň durmuşa geçirilmegi üçin daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen ýörite seminarlar, maslahatlar, okuw maksatnamalar boýunça okuw saparlar gurnalýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti tarapyndan 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 14-26-sy aralygynda geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hytaý dili mugallymy G.Rejepowa, iýul aýynyň 12-si – awgust aýynyň 10-y aralygynda ady agzalan uniwersitet tarapyndan geçirilýän halkara ykdysadyýet we söwda boýunça tomusky okuw maksatnamasyna institutyň hytaý dili mugallymy G.Baýramowa we hytaý dili hünäriniň talyplary gatnaşýarlar.
Okuw maksatnamasyna gatnaşyjylar Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiň muzeýi, kitaphanasy we okuw binalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, olara hytaý halkynyň medeniýetini, hytaý medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolan çaýyň demleniş usullaryny, milli däp-dessurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Sian şäheriniň meşhur ýerlerine, taryhy muzeýine gezelençler gurnaldy.
Okuw maksatnamanyň çäginde hytaý dilini öwredýän daşary ýurtly mugallymlara we hytaý dilini öwrenýän daşary ýurtly talyplara häzirki zaman usullary boýunça amaly we umumy sapaklar geçirilýär.
Umuman, bu okuw sapary ylym we bilim ulgamlarynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!