Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýada okuwlara gatnaşýarlar


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary şu ýylyň 28-nji iýunyndan 2-nji awgust aralygynda Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlylar üçin Perujiýa uniwersitetinde geçirilýän italýan dili we medeniýeti boýunça okuwlara gatnaşýarlar. Munuň özi iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Italiýanyň uniwersitetiniň çakylygy boýunça gurnalýar.

Daşary ýurtlylar üçin Perujiýa uniwersiteti (Università per Stranieri di Perugia) tutuş ýurt boýunça diňe daşary ýurtly talyplar üçin gapylaryny açan iki ýokary okuw mekdebiň biridir. Bu Italiýanyň iň gadymy we abraýly uniwersiteti bolup, bu ýokary okuw mekdep diňe bir talyp ýaşlara ylym öwretmek we ylmy gözleg işlerini geçirmek bilen çäklenmän, daşary ýurtdan gelen ýaşlaryň italýan diline we medeniýetine bolan garaýyşyny has-da kämilleşdirýär. Perujiýa uniwersiteti daşary ýurtlylar üçin giňişleýin bilim edarasy bolup, bu ýerde ýokary bilimiň eýesi bomak, şeýle hem italýan dili kurslaryny okap, şahadatnamalaryň eýesi bolmak mümkinçilikleri bardyr.

Türkmen ýaşlarynyň italýan dilini öwrenmek endiklerini kämilleşdirmek mümkinçiligi diňe bir hyzmatdaşlygy ýola goýmakda däl, eýsem, ýurduň medeniýetine we taryhyna düşünmekde-de aýratyn ähmiýetlidir. Italýan dilini bilmek, talyplara Italiýanyň taryhy, edebiýaty, sungaty we medeniýeti bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder. Şeýle-de ýaş nesiller diňe bir bilimini baýlaşdyrman, eýsem, şahsy tejribelerini hem artdyrar. Täze dil we medeniýet bilen tanyşmak bolsa, gözýetimleri giňeldýär we içki dünýäni baýlaşdyrýar.

Italýan medeniýetini öwrenmek sungat, aýdym-saz, aşhana, ýaşaýyş durmuşy, däp-dessurlar we gymmatlyklar, şeýle hem dil bilen tanyşlygy öz içine alýar. Has çuňňur düşünmek üçin Italiýanyň taryhyny, sungatyny, edebiýatyny we nahar bişirilişini öwrenmek, şeýle hem ene dilinde gürleýänler bilen aragatnaşyk gurmak we medeni gurşawa aralaşmak maslahat berilýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem öz gezeginde medeni alyş-çalyş we oňyn gepleşiklere goşant goşýan ýurdumyzyň taryhy we medeni mirasyna degişli baý maglumatlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen paýlaşýarlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25