Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligi netijeli dowam edýär


Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taslamalary, halkara hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeleri netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi dünýäde has-da belende galýar.

Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda ösen derejelere ýetdi. Ýurdumyzda hereket edýän önümçiliklerde ornaşdyrylan az galyndyly, energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň esasynda halkara standartlara laýyk gelýän önümler öndürilýär.

Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebit senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar baglaşyldy.

Baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, geçen ýyllardaky ýaly şu ýyl hem 29-njy iýundan 20-nji iýul aralygynda talyplar topary uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.

3 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri, bilen tanyşýarlar. Tejribeligiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti” boýunça hem-de “Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak”, “Nebitiň we gazyň gelejegi”, “Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň gelejegi” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.

Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmaklaryna ýardam eder.

Şeýle hem şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplarynyň ikinji topary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd” Türkmenistandaky şahamçasynyň ýurdumyzda ýerleşýän önümçilik desgalaryna tomusky önümçilik tejribeligini geçmeklige ugradyldy.

Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25