HÜNÄRLI ÝAŞLAR – KUWWATLY WATANYŇ DAÝANJY
Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip, örän jaýdar belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, watançy ýaşlary terbiýelemek ugrunda dürli işler durmuşa geçirilýär.
Ösüp gelýän ýaş nesilleri geljekki hünär ýoluna ugrukdyrmak, olara maslahatlary bermek ata-ene bilen birlikde gönüden-göni mugallymlaryň hem paýyna düşýän esasy wezipe hasaplanylýar. Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň mekdep kitaphanalary ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlanýan ýaşlarymyzy zerur bolan kitaplar bilen üpjün edýär. Olar mekdep kitaphanalaryna gelip, özleriniň höwes eden hünär ugurlaryna degişli kitaplary we gollanmalary okaýarlar. Ýaşlarymyzyň dürli ugurlar bilen gyzyklanýandygy bolsa bizi diýseň begendirýär we buýsandyrýar. Ýaşlary ylymly-bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek hem-de maksatnamalaýyn işleri alyp barmak ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözlerimiz çäksizdir.
Bahar Ödekowa,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap bilim
bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmeni