Hasaplamalara görä, kompýuterlere, tor ulgamlaryna her minutda, ortaça, müňe golaý kiber hüjüm ýerine ýetirilýär. Eýsem, öz işewürligiňi häzirki zaman giňişliginde nähili ygtybarly ýöretmeli? Kiberhowplardan nädip goranmaly? Durnukly ösüşi nädip gazanmaly? Milli hünärmenlerimiz tarapyndan döredilen ilkinji «Milli One» antiwirus programmasy siziň meseleleriňiziň ählisi üçin umumy çözgüt bolar!
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýly gatnaşygyndaky «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tejribeli hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan ilkinji milli antiwirus programmasy poçta, faýl we web-howplardan goramak, torly ekran, tor hüjümlerinden gorag, gowşaklyklary barlamak, web, enjam hem-de programma gözegçiligi ýaly modullary öz içine alýar.
Onuň kadaly işlemegi we dünýä bilen aýakdaş gitmegi, şeýle-de halkara tejribä esaslanmagy üçin antiwirus programmalaryny öndüriji dünýä kompaniýalarynyň binýatlary bilen maglumat alşygy-da ýola goýuldy.
Bu antiwirus programmasy özüniň ýönekeýligi, elýeterliligi we degişli amallary aňsat ýerine ýetirip bolýandygy bilen tapawutlanýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 93-02-52, 69-86-21
Faks: 93-03-31
Çeşme: https://salamnews.tm/section/tehnologiya/others/milli-one-1a9d77