MAGRUPYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI BARADA EDEBIÝAT AGŞAMY GEÇIRILDI
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli XVIII asyr türkmen klassyky edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Gurbanaly Magrupynyň ömri we döredijiligi, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr-talyplarynyň arasynda edebiýat agşamy geçirildi.
Bu edebiýat agşamynda Uniwersitetiň Ylmy kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Aýgül Allaberdiýewa Gurbanaly Magrupynyň ömür ýoly barada birnäçe maglumatlar bilen tanyşdyrdy.
Şahyryň doly ady Gurbanaly bolup, Magrupy onuň lakamydyr. Mälim bolşy ýaly, Magrupy ýemreli türkmenleriniň magruplar diýen tiresinden bolupdyr. Magrupy at üstüniň adamy bolmak bilen, Eýranyň, Turanyň köp ýerlerine syýahat edipdir. Magrupy ençeme liriki şygyrlaryň we dessanlaryň awtory bolupdyr. Olardan: «Ýusup-Ahmet», «Seýpelmelek-Medhaljemal», «Döwletýar beg», «Aly beg we Baly beg» atly dessanlary görkezmek bolar.
Uniwersitetiň talyplary şahyryň goşgularyny çeper okap, olary gysgaça sahnalaşdyryp, şahyryň döredijiligine bolan söýgülerini beýan etdiler. Magrupynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan talyplar üçin uniwersitetiň Ylmy kitaphanasynda geçirilen bu edebiýat agşamy diýseň täsirli boldy.
Mundan başga-da, Ylmy kitaphananyň I derejeli kitaphanaçysy Gültäç Sapardurdyýewa öz çykyşynda: «Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi» – diýip belledi. Şeýle-de, çärä gatnaşyjylar Medeniýet we sungat işgärleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza arzuwlaryny, hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bossan Geldimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynyň usulyýetçisi.