Sözüm saňa Pyragy...


Türkmen halkynyň sarpalap, sarpasyny belentden tutýan eýsem, diňe bir türkmen halkynyň däl, Ýer ýüzüniň akyldary Magtymguly Pyragynyň bu günki günde hem dünýä halklarynyň aglabasynyň arasynda şöhraty uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossanyna seýil edenimizde, onda behişdi Jennediň miwelerini dadan ýaly bolýarys. Magtymguly özünden soňky we tä şu günki günlere çenli döredip gelýän şahyrlaryň ählisiniň halypasy hasaplanylýar.
Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň söz sungatynyň ussadydygyny nygtap, onuň mertebe belentligini ýene bir gez Arşa çykaryp, akyldar şahyrymyzyň ussatlygy dogrusynda jaýdar jümläni belleýär: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar.” Gahryman Arkadagymyzyň bu parasatly jümlelere ýugrulan setirleri türkmen halkynyň kalbynda, ruhunda Magtymguly Atamyza bolan belent hormat – sarpanyň aýdyň görkezijisidir. Pikir ummanynda gulaçlap ýüzen dana Pyragynyň gyzyla berimsiz setirleri biz ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak uçursyz baýlyk hasaplanylýar.
Ine, bu gün biz Magtymguly Atamyzyň  arzuwlan zamanynda ýaşaýarys. Ençeme asyry öňden gören akyldarymyzyň hasylan bolan arzuwlary bilen göwnümiz Gökde ganat kakýar. Şu pursatda serime Didarberdi Allaberdiýewiň:
Aslym keramatdyr ýogsa, dillenmen,
Geçip gitdim bäş müňýyllyk ýoldan men,
Dilim-türki dilleriniň söz köki,
Türkmen atly Pyragyly ilden men.
diýen  buýsançly setirleri dolýar.

Aýna Mämmedowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky  Türkmen milli 
dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we 
edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.




Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25