Mugallymlar üçin okuw seminary


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde üç sany ýokary okuw mekdebiniň, ýagny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň mugallymlaryna iki günlik okuw sapaklary geçirildi. Bu okuw sapaklary Kent döwlet uniwersitetiniň professory Marta Merrill tarapyndan guraldy. Bu okuw sapaklary, Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň türkmen ýokary okuw mekdeplerine amala aşyrylan iş saparynyň çäginde guraldy.

Okuw sapaklary “Okuw meýilnamasyny işläp düzmek we okuwyň netijelerine baha bermek” we “Ýokary bilim edaralaryň mümkinçiliklerine we akkreditasiýa baha bermek” atly temalar boýunça geçirildi. Okuw sapagyň dowamynda bilimiň netijeliligini kesgitlemek, okuw meýilnamalaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek, okuw meýilnamalary işläp düzmek, akkreditasiýa işini ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy tejribäni we akkreditasiýa modellerini öwrenmek, ýokary bilimiň hilini üpjün etmek üçin halkara çarçuwalar we strategiýalar ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem okuw sapagynyň çäginde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň halkara mysallaryna, dünýä bilim giňişligine integrasiýa we bäsdeşlik artykmaçlygynyň görkezijilerine seredildi.

Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylar sorag bermäge we ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar barada jikme-jik düşündiriş almaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar hanym Marta Merrile gyzykly we manyly çykyş üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şular ýaly bilelikdäki hyzmatdaşlygyň akademiki tejribäni baýlaşdyrmaga we ýokary bilimde innowasiýalary ösdürmäge ýol açýandygy nygtaldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25