«TÜRKMENISTANYŇ MAÝA GOÝUM SYÝASATYNYŇ YKDYSADY WE YLMY ESASLARY» ATLY OKUW-USULY GOLLANMA NEŞIR EDILDI


Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ykdysady we ylmy esaslary» atly okuw-usuly gollanma neşir edildi.

«Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ykdysady we ylmy esaslary» atly okuw-usuly gollanma Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

Okuw-usuly gollanmada Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň strategiýasy we dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän orny açylyp görkezilýär. Maýa goýum işiniň we maýa goýum taslamalarynyň mazmuny we Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty aýdyňlaşdyrylýar. Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary we olaryň ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Türkmenistanyň oňyn tejribesi, şeýle-de 2024-nji ýylyň 11–12-nji sentýabrynda geçirilen «Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň» (TIF–2024) netijeleri giňişleýin beýan edilýär.

Okuw-usuly gollanma ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, aspirantlary üçin niýetlenilýär, ondan degişli hünärmenler we giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25