Koreý Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan bilim edaralaryna kitap sowgat berildi
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýan ýene-de bir hoş waka bolup geçdi. Dostlukly Koreý Respublikasy bilen guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde, bu ýurtda ýerleşýän ilçihana tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm goşant hökmünde kitaplar sowgat berildi.
Hususan-da, Koreý Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam bermek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebe we Innowasiva maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplarynyň toplumy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu asylly çäre iki dostlukly ýurduň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen möhüm ädim bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan bilim syýasatynyň halkara hyzmatdaşlyk bilen utgaşmagynyň ýene bir güwäsi hökmünde bu çäre ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.
Şeýle çäreler doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de halklaryň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat edýär.