Başlangyç synp mugallymlary sylaglandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik bilen meşgullanmagy, hünär bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn ýardam bermegi bilen, döwrebap enjamlaşdyrylan umumybilim berýän okuw mekdeplerimizde ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk, milli we dünýä tejribesiniň esasynda bilim berilýär.
“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça PISA, TIMSS, PIRLIS we beýleki halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak babatda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mugallymlary bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilimli, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde başlangyç synpyň mugallymlarynyň döredijilikli işlemekleriniň, kämilleşmekleriniň ähmiýeti uludyr.
“Işleseň, il tanar” diýleni. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde göreldeli zähmet çeken bilim işgärleriniň sylaglanyş dabarasynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Dabarada Türkmenistanyň bilim ministri ýurdumyzdaky bilim ojaklarynda göreldeli zähmet çeken başlangyç synp mugallymlaryna çeken asylly zähmeti üçin hoşallyk bildirdi we başlangyç bilimiň umumy bilimdäki hem-de çaganyň geljekki durmuşyndaky tutýan ähmiýetli orny barada aýratyn belledi. Soňra mugallymlaryň köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” we owadan gül desseleri hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň bilim ministri başlangyç bilimde öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak maksady bilen geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek barada anyk pikiri orta atdy we “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň baş redaktoryna žurnalyň üsti bilen öňdebaryjy iş tejribeleri ýaýratmak barada degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, dabara “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň redaksiýasynda guralan pedagogik pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi. Mugallymlaryň žurnalyň sahypalarynda bilim berlişiniň döwrebap meselelerine bagyşlanan makalalar bilen çykyş etjekdikleri olaryň bu maslahatdaky eden işjeň çykyşlarynda has-da aýdyňlaşdy. Şeýlelikde, redaksiýada okatmagyň we terbiýe bermegiň öňdebaryjy hem-de işjeň usullary barada gyzykly we çekeleşikli gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlik öňdebaryjy iş tejribeleri bolan başlangyç synp mugallymlarynyň tejribelerini paýlaşmak maksady bilen, olaryň taýýarlajak makalalaryna garaşylýandygy baradaky anyk pikirde jemlenildi. Mugallymlar dürli temalarda öz iş tejribelerini beýan edýän usuly makalalary taýýarlajakdyklaryna ynandyryp, redaksiýanyň döredijilik işgärleri bilen hoşlaşdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly