HEMIŞE WE HEMME ÝERDE ŞOL BIR MAGTYMGULYDYR...


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Beýik Pyragynyň şygryýeti türkmen halkynyň ajap eýýamy hakyndaky garaýyşlarynyň, özbaşdak berkarar döwleti gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýanydyr». Beýik şahyr Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzydyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň mekdep kitaphanalarynyň guramagynda «Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr...» ady bilen etrabymyzda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» muzeýinde döredijilik bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik çäresi geçirildi. Bu geçirilen çäre turuwbaşdan uly many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň dowamynda etrabymyzyň dürli mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlar we bilim alýan okuwçylar özleriniň döreden şahyrana şygyrlary bilen çykyş etdiler. Olaryň okap beren her bir şygrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza belent söýgini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz hoşallygy, döredijilik ýoluna gadam basan her ynsanyň ruhy halypasy hasaplanýan Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sylagy aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Dabaranyň dowamynda aýdym-saz bilen içgin gyzyklanýan mekdep okuwçylaryrymyz türkmen milli saz guralymyz bolan dutarda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen birnäçe aýdymlary uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Geçirilen döredijilik çärämize işjeň gatnaşan mugallymlara we okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bahar Ödekowa,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap bilim

bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmeni

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25