Ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ruhy bitewiligiň ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat öz işini umumy mejlisde we 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-den gowrak ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty