ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASYNDA «MILLI MIRASYM WE MERTEBE KÄNIM» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Garaşsyz we baky Bitarap Watanymyzda sanlyja ýylyň içinde ykdysady, medeni hem ruhy ösüşde ägirt uly öňegidişlikler boldy. Iň esasysy hem raýat jemgyýetçilik gurluşynyň binýady berkden tutuldy. Döwletiň öňe sürýän täze dünýägaraýşynyň esasy wezipesi adamlarda ruhy berklik, akyl, kämillik duýgusyny terbiýelemekden ybaratdyr. Öz halkyny bedew bady bilen bagtyýar geljege ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir ynsanyň ruhy taýdan baý, ylym-bilim derejesiniň ýokary bolmagy üçin halkymyzy uly aladalar bilen gurşaýarlar.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň we muzeýiniň gurnamagynda döredijilik işgärleri bilen talyp ýaşlaryň arasynda «Milli mirasym mertebe känim» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň ruhy durmuşy, gaýtalanmajak taryhy kökleri, medeni mirasymyzyň goralyp saklanmagynyň wajypdygy, döwrüň sesine ses goşup, onuň her bir ösüşini, ähli pudaklardaky gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda, ylym-bilimde, medeniýetde ýetilen sepgitler wasp edilip döredilýän eserleriň, makalalaryň Watanymyzyň täze ösüşli döwründe-de buýsançly dowam edýändigi barada aýtdylar. Bu ösüşleriň halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, ylym-bilimden ýüki ýetik, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde ahmiýetiniň uludygy, gymmatly medeni baýlyklarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşüne uly goşant goşandygy, gymmatly milli miras bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň taryhy köklerini öwrenmekde uly ähmiýetiniň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni gymmatlyklarymyzy ygtybarly goramaga uly üns berýändigi barada buýsanç bilen nygtap bellediler. Döredijilik işgärleriniň ýürek ylhamyndan dörän döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän goşgylaryny hut özleriniň çeper okamaklary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, akyldarlarymyza bimöçber hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun.
Aýjemal Baýramowa,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň kitaphanasynyň bölüm müdiri