Oguz hanyň zehinli nesilleri: ylma bolan ýol, geljege bolan ynam


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmak, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ähmiýetli başlangyçlaryň biri hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadadyr. Bu halkara ülňülere laýyklykda guralýan bilim bäsleşigi diňe bir ders boýunça bäsleşik däl-de, eýsem ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürýän, ylmy we döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilik berýär.

Şu ýyl üçünji gezek geçirilen olimpiada dürli sebitlerden gelen müňlerçe okuwçynyň gatnaşmagynda geçirildi. Birinji tapgyrda 2500-e golaý 9 — 12-nji synp okuwçysy gatnaşyp, olaryň 1000-den gowragy ikinji tapgyra saýlanyldy. Netijede, iň zehinli 60 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Olar üçin olimpiadanyň jemleýji tapgyry diňe bir bäsleşik däl-de, tomusky döredijilikli dynç alyş düşelgesi hökmünde hem guraldy.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň giň mümkinçilikli binýady, bu tapgyr üçin nusgalyk bir meýdança boldy. Okuwçylar “Bilimler dünýäsi” we “Kibersport” toplumlarynda hem-de döwrebap enjamlaşdyrylan ylmy-barlag laboratoriýalarynda giňişleýin sapaklara gatnaşdylar. Olaryň ylma bolan höwesini artdyrmak maksady bilen daşary ýurtly professorlaryň ylmy-populýar çykyşlary hem guraldy. Germaniýadan, Türkiýeden, Hytaýdan gelen görnükli alymlar häzirki döwrüň ylmy ösüşlerine degişli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Robot tehnikalary boýunça geçirilen simulýasiýalar, tejribe sapaklary ýaşlaryň ylma bolan höwesini has-da artdyrdy.

Şeýle-de, uniwersitetiň iň zehinli talyplary özleriniň alyp barýan ylmy işleri bilen ýaşlara ylmy döredijiligiň many-mazmunyny ýetirdiler. Okuwçylaryň tejribe arkaly öwrenmegi, olaryň diňe bir pikirlenmek ukybyny däl, eýsem çözgüt tapmak, tehnologiýa bilen işleşmek başarnyklaryny hem artdyrdy. Agşamlar guralan medeni çäreler bolsa olimpiadanyň ruhy-ahlak tarapy bilen utgaşykly dowam etdirilmegini üpjün etdi. Bu çäre diňe bir döwrebap ylmy bilim bermek däl, eýsem ýaşlary döredijilikli pikirlenmäge, geljekde Watana peýdaly hünärmen bolmaga höweslendirdi. Häzirki wagtda öňki ýyllarda olimpiada gatnaşan 113 we 146 okuwçynyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinde dürli ugurlar boýunça bilim alýandygy hem bu taslamanyň netijeliligini doly tassyklaýar.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyry Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döwrebap binýadynda geçirildi. Okuwçylar bu ýerde diňe bir häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş bolman, eýsem olary amaly taýdan ulanmagy hem öwrendiler. “Bilimler dünýäsi” we “Kibersport” ýaly innowasion merkezlerde geçirilen okuw sapaklary, ylmy barlaghanalarda robot tehnikalary boýunça tejribe işleriniň ýerine ýetirilmegi, olaryň pikirlenme ukybyna, logiki seljeriş başarnyklaryna, täzeçil çemeleşmelere bolan garaýşyna täsir ýetirdi.

Şeýle-de, uniwersitetiň öňdebaryjy talyplary bilen geçirilen duşuşyklarda ýaşlaryň ylmy gözleglere bolan höwesini artdyrýan gürrüňdeşlikler guraldy. Talyplar özleriniň alyp barýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryp, ýaşlara ylma bolan ýoluň ilkinji ädimlerini görkezdiler. Mundan başga-da mekdep okuwçylar üçin ýörite döredijilik agşamlary medeni çäreler bilen utgaşdyryldy. Aýdym-sazly çykyşlar, zehin bäsleşikleri, olimpiadanyň ruhy-ahlak taýdan baý geçmegini üpjün etdi.

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiada häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşini we ýaş nesliň innowasion pikirlenme ukybyny ýüze çykarmaga gönükdirilen möhüm ylmy-bilim çäreleriniň biridir. Şeýle bäsleşikler — zehinli ýaşlara ylma bolan ýol, geljege bolan ynamdyr.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25