Iňlis elipbiýi barada maglumatlar
Häzirki zaman iňlis diliniň elipbiýi 26 harpdan ybarat latyn harp elipbiýidir, olaryň hersiniň baş we kiçi harplary bar. Elipbiý sözi grek elipbiýiniň ilkinji iki harpynyň, alfa we beta sözleriniň birleşmesidir. Elipbiý miladydan öňki VII asyrda latyn ýazuwyndan köne iňlis dilini ýazmak üçin döräpdir. Şondan bäri aşakdaky harplary bermek üçin harplar goşuldy ýa-da aýryldy
Bellikler
Iňlis elipbiýindäki harplaryň bäşisi çekimli seslerdir: A, E, I, O, U.
Galan 21 harp çekimsizdir sesler: B, C, D, F, G, H, J, K, L, M, N, P, Q, R, S, T, V, X, Z we adatça W we Y.
Ýazylan iňlis dilinde goşulan harplar bar: ch ci ck gh. Bular elipbiýiň aýratyn harplary hasaplanmaýar.
Iki harp, “A” we “I” sözleri hem aňladýar.
1835-nji ýyla çenli elipbiýiň 27-nji harpy ("z" -den soň) ampersand – (&) boldy.
Köne Iňlis elipbiý harplary 29: A B C D E F G H I K L M N O P Q R S T V X Z & ⁊ Ƿ Þ Ð Æ
Köne Iňlis elipbiýi 1011-nji ýylda Byrhtferd atly bir monah tarapyndan ýazga alnypdyr we latyn elipbiýiniň 24 harpyny (ampersandy hem goşmak bilen) we goşmaça 5 iňlis harpyny uzyn S (ſ), Et (Ð we ð), Tiken (þ), Winn (ƿ) we Aş (ᚫ; soňrak Æ we æ) öz içine alypdyr.
Maral SÄHETDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we
edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.