Ýaş sungaty öwrenijileriň ylmy açyşlary


Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” atly gymmatly çeşmesinde belleýşi ýaly: “Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdir” diýen sözleri talyplaryň sungatda alyp barýan döredijilik işlerine itergi berýär. 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda birnäçe günläp uçurymlaryň diplom gorag möwsümi üstünlikli dowam etdi. Uçurymlar öz toplan bilimini we çeperçilik ukyplaryny nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn, amaly-haşam sungatynyň halyçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik ugurlary boýunça täze eserleriň hem-de döredijilik taslamalaryň üsti bilen açyp görkezdiler. 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 13-ine “Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti” hünärinde bilim alan talyplaryň ylmy işlerinde dürli ugurlarda ösýän şekillendiriş we amaly-haşam, binagärlik hem-de dizaýn ýaly sungatlaryň eserlerine ylmy taýdan syn berildi.

Uçurymlaryň diplom işlerinde häzirki zaman suratkeşleriň döredijiligine üns berilip, şu döwrüň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän halypa hem-de ýaş suratkeşleriň eserlerine giňişleýin seljerme berildi. Ylmy işlerde Türkmenistanyň umumy ösüşinde we durmuşyň özgerişinde döredijilik adamlaryň orny we ähmiýeti barada beýan edildi. Diplom işleriniň ylmy derejesi döwrüň we sungatyň aýrylmaz arabaglanyşygyny öwrenmekden hem-de ýerlikli baha bermekden ybarat boldy.

Sungat ojagynda geçirilen diplom goraglara Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.

Uçurymlaryň diplom işleriniň goragyna gatnaşyjylar syn we seljerme berip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda öwredilýän “Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň döwrebap temalarda çeperçilik meseleleriň çözülýändigine ýokary baha berdiler.



Azat Annaýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25