Baýramçylyk mynasybetli bäsleşik geçirildi
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalaryň ýüzlerçesi dynç alýar. Bu merkezde çagalaryň dynç alşy gyzykly we täsirli guralýar. Merkezde hereket edýän gurnaklar, gezelençler, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary, döredijilk duşuşyklary, muzeýleriň göçme sergileri, meýilnama laýyklykda geçirilýän dürli görnüşli zehin hem-de döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary çagalaryň dynç alşynyň göwnejaý guralmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda hereketli we türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige çagalar işjeň gatnaşdylar.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şamyrat Baýhanow,“Altyn sümmül” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly terbiýeçi-mugallymy