Paýhasly oýunlar boýunça merkezara ýaryş geçirildi
Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýaş raýatlary dynç alyşlaryny şadyýan we täsirli geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň mynasyp dynç almaklaryny ýokary derejede guramak üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan dahylly ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleri esasynda taýýarlanan medeni-köpçülikleýin, dynç alyş, ruhy ösüş we sport-sagaldyş çäreleriniň giňişleýin meýilnamasyna laýyklykda, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda öwreniş we hünärlere ugrukdyryjy häsiýetli, çagalaryň zehinini açmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýän, çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerine, olaryň öz bilimlerini täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmaklaryna ýardam edýän dürli görnüşli çäreler, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dürli ugurlar boýunça gurnaklar hereket edýär.
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Sagdyn durmuş ýörelgesi – baş şygarymyz” diýen at bilen küşt, şaşka, düzzüm oýunlary boýunça merkezara ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşi tarapyndan geçirilen paýhasly oýunlar boýunça bu merkezara ýaryşa Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisinden çagalar gatnaşdylar. Merkezara ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Paýhasly oýunlar boýunça geçirilen merkezara ýaryşda ýokary netijeler görkezip, ýeňiji bolan çagalara ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
“Sagdyn durmuş ýörelgesi – baş şygarymyz” atly merkezara ýaryş bilen ugurdaş Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesini, bagtyýar çagalygy wasp edip çeken suratlarynyň sergisi hem guraldy.
Oguljahan Alamyşowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.