Ylymlar gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli inženerleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny we bu ugurda ýokary derejeli inženerleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn belläp geçdi. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygynyň kämilleşmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etdi. Uniwersitetiň uly mugallymlary J.Sapargulyýewa hem-de M. Kullaýewa ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ylymly nesiliň watanyň badyna bat, kuwwadyna kuwwat goşýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygyny, talyplaryň multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda bilim alýandyklaryny we sanly bilim ulgamynyň okuw işlerine ornaşdyrmak barada işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti