Taslama bäsleşigi geçirildi



2025-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Ylymlar güni mynasybetli «Innowasion ylmy taslamalar» atly taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Mary şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we Mary welaýatyndaky orta mekdepleriniň okuwçylary öz taslamalary bilen gatnaşdylar. Bäsleşik «Energetikada innowasion ylmy taslamalar», «Bilim ulgamynda innowasion ylmy taslamalar», «Maglumat tehnologiýalar ulgamynda innowasion ylmy taslamalar» ugurlary boýunýa geçirildi. Taslama bäsleşigine gatnaşyjylar özüniň hödürleýän innowasion ylmy taslama işiniň manysy, işiň wajyplygy, ähmiýeti barada giňişleýin çykyş etdiler. Bäsleşigiň her ugry boýunça ýeňijiler kesgitlenildi we olara höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25