Dabaraly çäre geçirildi

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gurban baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmeniň milliligini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeý gymmatlyklarynyň, gadymy şaý-sepleriniň, zenanlaryň egin-eşikleriniň sergisi gurnaldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Gurban baýramy mynasybetli birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25