Dabaraly çäre geçirildi
2025-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä institutda zähmet çekýän professor-mugallymlaryň we işgärleriň çagalary, Mary şäheriniň “Altyn nesil” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper höwesjeň çagalar topary, Mary şäherindäki “Algoritim” okuw merkeziniň çeper höwesjeň çagalar topary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.