Sanly ulgam arkaly geçirilen halkara maslahat
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, esasanam ylym we bilim pudagynda dürli çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň möhümdigini nygtap geçdiler.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.