Türkmenistanyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamyna aýratyn üns bermek bilen, döwrebaplaşdyrmak we innowasion ösüş şertlerinde hünär bilimi edaralarynyň işiniň hil derejesiniň ýurt üçin möhümdigini yzygiderli nygtaýar.

Türkmenistanyň saýlap alan innowasion ösüş nusgasy ähli ulgamlaryň hem-de pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary hünär ussatlygyny, ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, tutuş ýurt boýunça mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy, okuw işiniň kompýuter ulgamlarynyň esasynda alnyp barylmagy bu ugurda anyk ädimlerdir.

Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysallary bolar.

Bu ugurda gazanylýan üstünlikler ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmeginde hem öz beýanyny tapýar. Täze hünärleriň girizilmegi munuň anyk mysallarynyň biridir. Bu bolsa dalaşgärleriň geljekde zähmet çekjek hünärlerini saýlap almagy, zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyklykda bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Şunda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ulgamda netijeli, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurduň yzygiderli ilerledýän ylym-bilim diplomatiýasynyň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Soňky ýyllarda daşary döwletleriň iri bilim we ylym merkezleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy. Bu düzümler bilen bilelikde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Bilim-ylym ulgamyna sanly, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylyp, ýurduň hem-de daşary döwletleriň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak bilen, bu yklymlardaky döwletlerde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy hem-de halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalara gatnaşmagyny giňeltdi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25