ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GYMMATLY ESERLERI NESILLERE ÝÖRELGE
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdepde «Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti» atly usuly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenbaşy şäheriniň umumybilim edaralarynyň bilim işgärleri we mekdep kitaphanaçylary gatnaşdylar.
Usuly maslahaty Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň baş hünärmeni, mekdep kitaphanalarynyň kitaphana gory boýunça usulýetçisi Jemile Metmyradowa açdy we usuly maslahatyň esasy maksadyny beýan etmek bilen, «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly bu ajaýyp eseriň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde esasy ýol görkeziji gollanma hökmündäki ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabynyň her bir bilim işgäriniň ýan kitaby hökmünde okuw-terbiýeçilik işinde yzygiderli peýdalanylmagynyň bilim özgertmelerindäki ösüşleriň gözbaşy bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.
Türkmenbaşy şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy, halypa mugallym Täzegül Ýaýlymowa «Ýaş nesilleriň döredijilik-başarnyklaryny terbiýelemekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabyny peýdalanmagyň iş tejribesinden», Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy Gyrmyzy Maşadowanyň «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby döwrebap nesilleri kemala getirmekde gymmatly gollanmadyr», Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Mahym Amandurdyýewanyň «Mekdep kitaphanasynda we elektron kitaphanalarda ýaş nesilleri terbiýelemekde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitapdan peýdalanmagyň ýollary», Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Şasoltan Hojaýewanyň «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabyny synp sagatlarynda, synpdan daşary çärelerde, terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň usullary» baradaky çykyşlary maslahata gatnaşyjylar üçin özara tejribe sapaklary hökmünde netijeli geçdi.
Bu ýerde guralan «Kitap – ylymlaryň hazynasy» atly kitap sergisini umumybilim berýän orta mekdepleriň bilim işgärleri, kitaphanaçylar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi