“Tapnote” hyzmaty

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” maý aýynyň 15-ne Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezinde Ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan taslamalary durmuşa geçirmäge höweslendirmek maksady bilen guraldy. Bu bäsleşige Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jelalowa Marýam Isaýewna “Tapnote” hyzmaty - kompaniýalary tanatmagyň innowasion usuly  atly taslamasy bilen gatnaşyp, bäsleşikde I orna mynasyp boldy. Okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25